Dem alyş maşklary

3 Oktýabr 2024
473

Käte dertden gutulan halatymyzda: «El bilen aýrylan ýaly boldy» diýmämiz bardyr. Munuň aňyrsynda halk tebipçiliginde asyrlaryň dowamynda ynsan bedenindäki bejeriş nokatlarynyň öwrenilip, şolary yzarlamak, owkalamak arkaly dürli keselleriň bejerilendigi baradaky hakykat ýatyr. Gündogar lukmançylygynda beden we dem alyş maşklarynyň hem sagaldyş görnüşleri işlenilip düzülipdir. Kesellere garşy göreşijiligi berkitmekde, ýoňlamagyň ýeňil geçmeginde dem alyş maşklarynyň täsiriniň uludygyny lukmanlar belleýärler. Biz hem meşhur türgenler tarapyndan yzygiderli peýdalanylýan maşklaryň käbirini size ýetirmegi makul bildik.

Dem alyş maşklary bedeniň gyzgynlygy 38 gradusdan ýokary bolmadyk wagty geçirilmeli.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Arslan ORAZMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.