Geňeşli salamat bolar

24 Sentýabr 2024
473

Berkarar döwletde, ajaýyp zamanamyzda ýyllar biri-birinden zyýada gelýär. Bagtyýar halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly toýuň öň ýanynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi taryhy ýylyň möhüm ähmiýetli wakasy bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toý-baýramly günlerine aýratyn ýakym çaýar.

Halk pähiminde: “Geňeşli salamat bolar” diýlişi ýaly, her bir döwletli tutuma maslahatly, geňeşli başlamak pederlerimizden dowam bolup gelýän asylly ýörelgeleriň biri. Halkymyzyň bir supranyň başyna jemlenip, döwletli maslahat etmegi agzybirlikden, jebislikden, birek-birege hormat-sarpadan nyşan. Munuň özi il-ýurt bähbitli meseleleriň agzybirlik bilen çözülmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Bir ýere jem bolup, maslahatly iş etmek uly üstünliklere, beýik ösüşlere alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgeleri esasynda Garaşsyz Watanymyzda alnyp barylýan giň möçberli işler ýurduň gülläp ösüşlerine, il-günüň bagtyýarlygyna gönükdirilendir.

Mähri ANNABERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.