Şanly toýuň şanyna

23 Sentýabr 2024
403

Türkmenabat şäherindäki «Türkmenistan» toý-dabaralar merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli şu guramanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän işçi-gullukçylar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlaglar bilen başlandy. Gutlaglarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen beýik sepgitler barada buýsançly söhbet edildi we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özlerine döredilýän giň şertler üçin köp sagbolsun aýdyldy.

Nowça MURADOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.