Geçen hepde täze görnüşde geçirilip başlanylan UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň täze möwsümine badalga berildi. Ýaryşyň birinji tapgyry «Bawariýa» bagyşlanyldy diýsegem bolar. Sebäbi nemes topary birinji tapgyrda Zagrebiň «Dinamosyny» 9:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Başgaça aýtsak, Wensan Kompaniden tälim alýan topar ýaryşa «dokuzyny düzläp» girişdi. Şeýlelikde, «Bawariýa» ÝÇL-iň bir oýnunda 9 gol geçiren ilkinji topar hökmünde taryha girdi. Galyberse-de, duşuşykda 4 gezek tapawutlanan angliýaly Garri Keýn ÝÇL-däki gollarynyň sanyny 33-e ýetirip, turnirde iň köp gol geçiren iňlis oýunçylarynyň arasynda birinji orna göterildi.
Mundan başga-da, ÝÇL-iň birinji tapgyrynda birnäçe merkezi oýunlar hem bolup geçdi. Hususan-da, «Liwerpul» myhmançylykda «Milany» 3:1 hasabynda ýeňen bolsa, «Mançester Siti» — «Inter», «Atalanta» — «Arsenal» oýunlarynda hasap açylmady.