Mary welaýaty: Döwrebap özgertmeler, batly gadamlar

23 Sentýabr 2024
373

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Mary welaýaty hem uly ösüşleri başdan geçirýär. Bu günki gün welaýatda oba hojalygyny ösdürmäge, depginli senagatlaşdyrmaga, önümçilik we medeni maksatly desgalardyr döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga, ynsan saglygyny berkitmäge hem-de raýatlaryň medeniýetli dynç alşyny gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler ilatymyzy guwandyrýar, öndürijilikli zähmete ruhlandyrýar. Agzybirlikde çekilýän zähmet ýurdumyzyň gazanýan ykdysady ösüşleriniň täze belentliklere çykmagyna, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna ýardam berýär. Muny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylan 2024-nji ýylyň başyndan bäri sebitde amala aşyrylan tutumly işler hem aýdyň subut edýär.

«Galkynyş» gaz käniniň «mawy» baýlygy

Welmuhammet GALANDAROW.
«Türkmenistan».