Şanly wakalara buýsanç

22 Sentýabr 2024
537

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny garşy alýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna, uly zähmet üstünliklerine beslenýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, galyberse-de, ýurdumyzyň dürli künjeginde baş baýramymyzyň şanyna häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze binalardyr desgalaryň ulanmaga berilmegi, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi halkymyzyň döredijilik ylhamyny, zähmet joşgunyny, toý ruhuny has-da belende göterýär.

Garaşsyzlyk baýramy abadançylygyň, parahatçylygyň, jebisligiň we agzybirligiň baýramydyr. Döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky syýasy, ykdysady ösüşleri, medeni we durmuş özgertmeleri halkymyzyň maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrdy. Garaşsyzlyk döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr.

Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň başlygy.