Döwletlilik ýolunyň dowamaty

21 Sentýabr 2024
453

XXI asyryň bosagasynda dünýä giňişliginde Türkmenistan döwletiniň döremegi bilen, Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň alnynda bagtyýar geljegi gurmaga ýagty ýol açýan Gün bolup dogdy. «Garaşsyzlyk» atly gymmatlygyň özeninde ata-babalarymyzyň parahat durmuş baradaky arzuwlary, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwer ýörelgeler jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şertleri döretdi.

Garaşsyzlygyň baş maksady, ilkinji nobatda, onuň hukuk binýadynda şöhlelenýär. «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda (27.10.1991ý.) ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň belent maksatlaryň hatyrasyna adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugynyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, demokratik jemgyýeti gurmagyň hatyrasyna jar edilýändigi bellenildi.

Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri, hukuk ylymlarynyň kandidaty.