Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk

18 Sentýabr 2024
372

Beýik başlangyçlaryň gözbaşynda

Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi ata Watanymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.