Ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi

1 gün öň
28

Institutymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly we döredijilik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde guralan maslahata baýry bilim ojagymyzyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda professor-mugallymlaryň ylmy çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň dünýä edebiýatynyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasyna öwrülendigini we adamzadyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmaga hyzmat edýändigini hem-de türkmen diliniň ösmeginde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle-de beýik akyldaryň döredijiliginiň ýaşlara bahasyna ýetip bolmajak mekdepdigi aýratyn bellenildi.

Wepa ÇÖLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.