Halypa geolog

16 Sentýabr 2024
21

Berdi Myradowiç Täçmyradow öz döwründe Türkmenistanyň belli we baý tejribeli geologlarynyň biri bolmak bilen, onuň ýokary derejede iş başarjaňlygynyň netijesinde Gündogar Türkmenistanda gazly we gazkondensatly känleriň senagat gorlaryny hasaplamak boýunça hasabatlarynyň 20-ä golaýynyň (Demirgazyk Ojak, Naýyp, Demirgazyk Balguýy, Tejen we Gündogar Tejen, Mollaköl we Şorköl, Üçajy, Seýrap, Gündogar Üçajy, Malaý, Gazlydepe (Gagarin), Ýolguýy, Çartak, Çägelik, Bäşgyzyl (Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy) we Kükürtli) Gorlar baradaky Döwlet toparynda tassyklanandygyny bellemek gerek. Hasaplanan gaz gorlary ýokary derejede tassyklanyşy bilen häsiýetlenýär.

Tanymal geologyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda belli bolan goteriw ýarusynyň «şatlyk» önümli gorizonty boýunça uly kän hasaplanýan Malaý käniniň demirgazyk-gündogar böleginde onuň gazly meýdanynyň artmagyna mümkinçiliginiň bardygyny göz öňünde tutup, ol ýerlerde seýsmiki barlag işlerini geçirmek teklip edilmek bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär. Soňra ol işleriň netijelerine laýyklykda, meýdanda birnäçe gözleg-barlag guýularyny burawlamak teklip edilýär. Goşmaça burawlanan guýularyň netijesinde käniň şol böleginde täze gümmeziň bardygy ýüze çykarylýar hem-de käniň gaz gorlary 14 milliard m3 golaý artdyrylýar.

Oraznur NURMURADOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň önümçilik geologiýasy bölüminiň başlygy.