24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Bu bäsleşik ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge, zehinli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga, olary goldamaga uly ýardam berýär. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän zehinli dutarçy bagşy-sazandalaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynam bildirdi.