Arkadagyň yhlasyndan gülleýän «akylly» şäher

15 Awgust 2024
411

Häzirki wagtda Arkadag şäherini ösdürmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu bolsa täze şäheriň binagärlik keşbiniň döwrüň talabyna laýyk derejede özgerdilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, onuň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklaýar. 3-nji awgustda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde bolup, täze şäheriň önümçilik desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy hem-de dikuçarda ikinji tapgyrda durmuşa geçirilýän işleri, önümçilik toplumlarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Ir bi­len Mil­li Li­de­ri­miz di­ku­çar­da tä­ze şä­he­re no­bat­da­ky iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow we Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa şä­her­de hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri, gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň gu­rul­jak ýe­ri­niň çyz­gy­la­ry we top­lu­myň go­la­ýyn­da ýer­leş­di­ril­jek bi­na­lar, kär­ha­na­nyň beý­le­ki des­ga­lar bi­len ara­daş­ly­gy ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Şol bir wag­tyň özün­de, önüm­çi­lik top­lu­my­nyň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler ha­sa­ba­tyň öze­ni­ni düz­di.