«Baýramaly» ömre ömür goşýar

15 Awgust 2024
518

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hassa bolmazdan burun» diýen pähim-paýhasyna eýerýän watandaşlarymyz saglygyny hemişe gorap saklaýar hem-de berkidýär. Ýurdumyzdaky şypahanalaryň adamlaryň saglygyny berkitmekde we goramakda uly hyzmaty bar. Şypahanalar irki döwürlerde-de adamlaryň derdine derman, janyna şypa bolupdyr. Bu häzirem şeýle.

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Baýramaly» şypahanasy ýurdumyzdaky iň baýry şypahanalaryň biridir. Ol ilkibaşda böwrek, peşew kesellerinden ejir çekýänleriň saglygyny berkitmek maksady bilen bina edilipdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda lukman Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen şypahananyň durky düýpgöter täzelenip, ajaýyp görnüşe getirildi. 2010-njy ýylda şypahanada her biri 250 orunlyk iki sany döwrebap desga guruldy. Öňden bar bolanlarynyň hem durky täzelendi. Melhemler mekanynda ynsan saglygyny berkitmek boýunça amatly şertler döredildi. Bejeriş bölümlerinde ýokary derejeli lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Bu ýere gelýänleriň wagtlaýyn ýaşaýan jaýlary gerekli mebeller, sowadyjylar we gaýry serişdeler bilen üpjün edilip, dynç alýanlaryň islegine görä, ýekebara, maşgala bolup ýaşamagy üçin amatly mümkinçilikler bar.

Welmuhammet GALANDAROW.
«Türkmenistan».