Külli türkmeniň Göroglusy

24 Iýul 2024
676

Türkmen halky özüniň baý taryhynda ençeme saldamly işler bitiren beýik şahsyýetleri, gahrymanlary, ägirtleri bar bolan milletdir. Şeýle şahsyýetleriň biri-de Görogly begdir. Batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň ady Arkadag şäheriniň döwlet atçylyk sirkine dakyldy. Görogly beg gahryman, ozan, şahandaz, degişgen, ejizlere howandar ýigidiň sypatlaryny özünde jemläpdir.

Alymlar «Görogly» şadessany XV — XVII asyrlarda döräpdir diýen netijä gelýärler. Şol döwürde türkmenler çylşyrymly durmuşy başdan geçiripdirler. Göroglynyň şahsyýeti hakynda gürrüň edilende, onuň haçan dünýä inendigi barada anyk maglumat ýok. Ol XV — XVII asyrlarda ýaşap geçipdir diýip çaklamak mümkin. «Görogly» şadessanynda beýan edilişi ýaly, ol Jygalybegiň agtygy, Ady begiň bolsa ogludyr.

Atageldi BAÝLYÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty, dosent.