Gysga sözüň şerhi köp

18 Iýul 2024
627

Her bir sözi mukaddeslige, her bir jümlesi çuň mana eýe bolan, Hakdan içen şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, umumadamzat mirasynyň altyn hazynasynda uly orun eýeleýär. Onuň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri dünýäniň aglaba ýurtlarynyň şahyrlary we alymlary üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär.

Taryhdan belli bolşy ýaly, Magtymguly Pyragy halkymyzyň şygryýet dünýäsini öz döwrüniň çeper usullary we oňyn ýörelgeleri bilen baýlaşdyryp, türkmen edebiýatynda täze sahypany açdy. Şahyr köňlünden syzdyryp ýazýan eserlerinde türkmen diliniň çeperçiligine, baýlygyna örän uly ähmiýet beripdir. Munuň özi özboluşly milli edebi ýörelgäniň emele gelmegini şertlendirýär. Magtymgulynyň şahyrana dili şirinligi, halka ýakynlygy bilen özüne çekýär. Onuň goşgulary milli halk döredijiliginiň ruhy we çeperçiligi bilen baýlaşdyrylypdyr. Bu bolsa eserleriň ynsan kalbyna ýakynlygyny üpjün edýär.

Maýsa KURBANOWA,
Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.