6-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Arkadag» myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Milli Liderimiz halkara guramalar we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmegi, ynanyşmagy berkarar etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin jenap Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Wekiliýetleriň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany ýurdumyzyň dosty, häzirki zaman ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde pikirdeşi hasaplaýandygyny aýtdy. Häzirki ýönekeý bolmadyk şertlerde Antoniu Gutterişiň Baş sekretaryň jogapkärli wezipesinde özüni Birleşen Milletler Guramasynyň beýik taglymlaryna we gymmatlyklaryna gulluk etmäge bagyşlan ynsan, öz işiniň ussady hökmünde görkezýändigi nygtaldy.