Haly önümleri hakda

11 Iýul 2024
781

Köpasyrlyk taryhy bolan milli halyçylyk sungaty gündelik durmuşymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň gudraty bilen dörän haly önümleriniň görnüşleri kän. Geçmiş taryhymyzdan bäri olaryň aglabasy türkmen öýleriniň, behişdi bedewlerimiziň, arwana düýelerimiziň bezegi bolup gelýär. Haly önümleriniň käbirleri barada durup geçeliň.

Eňsi — kiçeňräk gönüburçly haly önümi, ol ak öýleriň gapysynyň tutusy bolup hyzmat edýär. Ol gapynyň daş ýüzünden asylýar. Eňsiniň «sekiz goçak», «kelle», «gülýaýdy», «zerbaf», «böwrek», «dagdan», «pürpudak», «edresi», «güjük yzy» ýaly nagyşlar salnan görnüşleri bolup, düşeklik halylaryň nagyşlaryndan tapawutlanýar. Bu haly önüminiň aşagy
seçekli bolýar.

Aýymjan BAÝRAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.