Ady äleme dolan şahyr

10 Iýul 2024
784

Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, çeper söz ussadynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizilmegi, şeýle-de dana şahyryň 300 ýyllyk ýubileýiniň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy Gündogaryň beýik akyldarynyň umumadamzat medeniýetine goşan uly goşandynyň ykrarnamasydyr.

Magtymguly Pyragynyň şeýle uly sylag-sarpa eýe bolmagy onuň öňe süren pikirleriniň dünýä derejesinde doly ykrar edilendigini äşgär edýär. Çünki akyldar şahyr pelsepewi garaýyşlary bilen diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň hem ünsüni özüne çekipdir. Rus türkology W.W. Bartold: «Magtymguly ýaly milli şahyrly halk türki halklaryň arasynda diňe türkmenlerdir» diýip belläp geçýär. Bu ähli türki halklarynyň arasynda ýeke-täk deňi-taýy bolmadyk şahyryň biziň Magtymguly atamyzdygyna doly güwä geçýär.

Näzik TONNYKOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.