Dana Pyragynyň medeni mirasy ruhy hazynamyzdyr

9 Iýul 2024
674

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň nesillere goýup giden baý medeni mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygy bolup, bagtyýar türkmen nesline gelip ýetdi. Akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly» atly kitabyň halkymyza gowuşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulus-ilimize toý sowgady boldy. Üç dilde çap edilen bu kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, merdanalyk, watançylyk pikirlerini beýan edýän şygyrlaryny öz içine alýar.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilýär, daşary ýurtly alymlaryň üns merkezinde durýar.

Allanur TÖRÄÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmengazgeofizika müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri.