Gadymy suw desgalary

3 Iýul 2024
711

Biziň şu söhbedimiz Çärjew etrabynyň Amyderýanyň sag kenaryndaky çäklerinde irki döwürlerde gurlan suw desgalary hakynda bolar. Olar öz döwründe ata-babalarymyzyň suwaryş ulgamlaryny çekmekde gazanan üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň Hojakenepsi, Ýylmangaýa, Eljik, Osty obalarynyň çäklerinde Amyderýanyň kenar ýakalary uzaboýuna belent gyrlyklardan ybarat. Derýanyň bu kenarynda obalar irki döwürlerde peýda bolupdyr. Oba ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Kowçum bolup oturmak, ekin ekmek üçin bolsa süýji suw köp gerek bolýar. Obalylar kenary belent gyr depeli derýadan suw almagyň özboluşly usulyny oýlap tapypdyrlar. Olar depeleriň aşagyndan ötük — lagym gazyp, ekerançylyk ýerlerine bol suwy getirmegiň hötdesinden gelipdirler. Bu ýeňil bolmadyk, örän köp möçberde el güýjüni talap edýän iş bilen erkek adamlar meşgullanypdyrlar. Gazuw işlerine tejribeli ussalar, miraplar ýolbaşçylyk edipdirler.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.