Medeniýet ulgamy jemgyýetiň ruhy galkynyşynda binýatlaýyn ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmek, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek we bu ulgamy şu günüň talaplaryna hem-de ýurdumyzyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagy babatdaky wezipelerine laýyk gelýän täze, döwrebap derejä çykarmak meselelerine uly ähmiýet berýär. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge gönükdirilip, 25-nji iýunda paýtagtymyzda dabaraly açylyp ulanmaga berlen Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkezi hem bu babatda nusgalyk mysaldyr.
Täze desganyň açylyş dabarasy mynasybetli bu ýere köp sanly ildeşlerimiz we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnandylar. «Dokmaçylar» folklor-etnografiýa topary tarapyndan halkymyzyň gadymy däpleriniň öwüşginlerini özünde jemleýän ajaýyp tanslar ýerine ýetirilip, bu ýerdäki wakalara aýratyn ruhubelentlik bagyşlaýan aýdym-sazlar ýaňlandy. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm waka mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdi.