Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depgini barha ýokarlanýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. 22-nji iýunda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Milli Liderimiz Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän «akylly» şähere geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde döwrüň talabyna laýyklykda ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy arkaly dürli maksatly desgalaryň, şol sanda önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.