Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň maksadynyň bolsa mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny gazanmakdan ybaratdygyny yglan etdi. Milli Liderimiz şu maksada ýetmek ugrunda ösüşiň täze gözýetimlerini açyp, ýollarymyzy möhüm üstünliklere, beýik işlere besledi. Halk baradaky alada döwletimiziň baş wezipesi bolmak bilen, durmuş-ykdysady syýasatymyzyň esasy özeninde durýar. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli taraplaryny öz içine alýan düýpli özgertmeleriň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly hyzmaty, ýokary jogapkärçiligi, strategik çözgütleri kabul etmekde erki we yzygiderliligi, parasatlylygy, öňdengörüjiligi, olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy ugrunda ýadawsyz tagallalary durýar. Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran Arkadag şäheriniň peýda bolmagy hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň jöwher paýhasynyň gudratydyr. 29-njy iýunda bolsa ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegine laýyk bir ýyl dolýar.
Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Arkadag şäheriniň Diýarymyzyň gadymy künjekleriniň birinde, pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde gurulmagy aýratyn bellärliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.