Düýe maly — dünýe maly

25 Iýun 2024
733

Halkymyzda «Aňmaza düýe görünmez» diýen nakyl bar. Bu nakyl düýe malyna belet bolmasaň, onuň häsiýetli aýratynlygyny, nesil ulgamyny bilip bolmaýar diýen manyny berýär.

Gum obalarynda ýaşap, ömürboýy düýäň yzynda gezen adamlaryň aýtmagyna görä, bugradan bugra gaýsa, ondan bolan köşek bugra bolýar. Eger bir örküçli arwana düýe bugradan önse, ol erkek bolsa iner, inen bolsa maýa diýilýär.

Täjigül MYRADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.