Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň hem ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagy, olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp, doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edilýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa ýurdumyzda ynsanperwerligiň, sahawatlylygyň, kömege mätäje ýardam bermegiň, howandarlygyň belent nusgasyny görkezip, hemmelere görelde bolýar.
Garaşsyz Watanymyzda howandarlyga mätäç çagalary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşap almak, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek bilen meşgullanýan ilkinji düzüm bolan haýyr-sahawat gaznasyny döretmek başlangyjy hem Gahryman Arkadagymyza degişlidir. 2021-nji ýylyň 29-njy martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiz ejize howandarlyk etmek, mätäji goldamak ýörelgeleriniň türkmen döwletliliginiň bir sütünine öwrülendigine ünsi çekip, haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalara goldaw bermek üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň gerekdigi barada pikire gelendigini aýdyp, degişli düzümi döretmek hakynda taryhy Karara gol çekipdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alyp, hut şol gün Türkmenistanyň Mejlisi Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda karary kabul etdi. Bu asylly başlangyç Milli Liderimiziň ýaş türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy baradaky hemişelik atalyk aladasynyň nobatdaky ýüze çykmasy hökmünde watandaşlarymyzyň giň goldawyna mynasyp boldy.