Berkararlyk buýsanjy

25 Aprel 2024
581

Taryhy wakalar we şanly seneler bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkararlygynyň baýramy bolan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän her bir günümiz ýokary watansöýüjilik duýgusyna beslenýär. Sebäbi bu baýramyň şanyna her ýyl geçirilýän dabaralar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Serdar AKYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.