Wideogörnüşleriň bäsleşigi

5 Aprel 2024
931

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly and the present day» («Magtymguly we şu gün») atly iňlis dilinde wideogörnüşleri taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Uly gyzyklanma eýe bolan bäsleşikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden gelen wideogörnüşleriň 45-si kabul edilip, olaryň arasyndan iň gowulary ýeňijiler diýlip yglan edildi. Ýeňijiler saýlanyp alnanda, esasan, işiň Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsini we onuň öwrenilişini içgin açyp görkezişine üns berildi.

Güljemal AMANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.