Gyşyň örküji

10 Ýanwar 2024
1283

Türkmen halkynyň milli senenamasynda uly çille döwri gyşyň örküji hasaplanylýar. Ol dekabr aýynyň 8-inden başlanyp, tä ýanwar aýynyň 17-sine çenli dowam edýär. «Çille» pars sözi bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Uly çille döwri 40 günläp dowam edip, sowuk, garly, çygly howasy bilen tapawutlanýar. Uly çille çopandyr çoluklar üçin iň jogapkärli döwürleriň biri hasaplanylýar. Olar mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Daýhanlarymyz bolsa täze hasylyň düýbüni tutmak ugrunda ýadawsyz alada edýärler.

Halkymyz gyşyň bu döwri bilen bagly birnäçe nakyllary hem döredipdirler. Olara «Çille gary ― ýeriň gany», «Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz», «Çillede ― çepek, jöwzada ― içmek» ýaly pähimler degişlidir. Şeýle-de halkymyzyň arasynda çille bilen bagly «Çille dolmak — gyş pasly tamamlanmak» diýen düşünje ýörgünlidir. Bular halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda tebigata, onda bolup geçýän hadysalara eden gözegçilikleriniň, durmuşy tejribeleriniň önümidir.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.