“Türkmenistan” awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde üç sany täze ugry goşmak we uçuşlary gaýtadan dikeltmek arkaly uçuş ulgamyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki awiakompaniýalaryň meýilnamalarynyň we torlarynyň gündelik üýtgeşmelerini täzelemäge ýöriteleşýän “AeroRoutes” portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, täze ugurlar Aşgabat – Abu-Dabi, Aşgabat – Hoşimin (Wýetnam) we Aşgabat – Milan ugurlaryny öz içine alýar.
2024-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi ugry boýunça (gaýtadan dikeldilen uçuş) uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar. Aşgabat – Hoşimin ugry boýunça uçuşlar indiki ýylyň 5-nji ýanwaryndan hepdede iki gezek, Aşgabat – Milan/Malpensa ugry boýunça bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan hepdede bir gezek ýerine ýetiriler.