Gujurly ýaşlar we döwrüň keşbi

7 Dekabr 2023
1201

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary» atly sergi açyldy. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň we talyplarynyň döredijilik işleri görkezildi. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň şu ýyl ylmy döredijilikde, halkara ders we döwlet bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.

Her ýylyň dekabrynda geçirilýän sergide ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen iň gowy eserler görkezilýär. Bu ýylky sergide şekillendirişiň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça döredilen eserleriň hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan kitapçalarynyň temasy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherine, şeýle-de Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlandy.

Bilbil ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri.