«Marguş syýahat»: ýöräp, ýüzüp, uçup syýahat ediň!

19 Noýabr 2023
1504

Ynsan öz durmuşynda görüp-eşiden geň-enaýy zatlarynyň täsirini hiç wagt ýatdan çykarmaýar. Syýahatçylyk hem ynsanyň ruhy islegini kanagatlandyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz geçmişde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, iri ulag geçelgeleriniň çatrygyndaky gülläp ösen mekan, ýokary medeniýetiň, ylym-bilimiň, deňsiz-taýsyz gymmatlyklaryňdyr nygmatlaryň ojagy hökmünde tanalypdyr. Türkmenistan häzirki wagtda-da dünýä döwletleri bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, ynanyşmak esasynda gatnaşyklaryny ösdürýär, syýahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyklary berkidýär.

Ýurdumyzyň baý taryhy we tebigy syýahatçylyk ýerleri daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylyk gatnaşyklarynyň gerimi indi has-da giňeýär. Ýurdumyzdaky syýahatçylyk kärhanalarynyň sany gün-günden artýar.

Altyngözel Amanmämmedowa,
«Marguş syýahat» hususy kärhanasynyň menejeri.