Zehinli ýaş alymlar

17 Iýul 2023
1912

Ylym ýagty geljegiň çyragy hasaplanýar. Şol çyragyň şöhle saçyp durmagy üçin oňa yzygiderli yhlas siňdirmeli bolýar. Ol çyrag indi adamzatda dünýä akyl ýetirmek pikiriniň döräli bäri bardyr. Ylma şu çaka çenli tapgyrma-tapgyr gulluk eden wekiller bolup, olaryň atlary dünýäniň altyn hazynasynyň sahaplarynda uly orny eýeledi.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ylym wekilleriniň hataryna goşulmak isleýän nesilleriň bolmagy, olaryň sanynyň ýyl geçdigisaýy artmagy uly many-mazmuny özünde jemleýär. Geçen ýyl üç sany orta mekdebiň okuwçylary «ýaş alym» diýen ada mynasyp görlen bolsa, bu ýyl olaryň sany bäşe ýetdi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde her ýylyň başyna ýaş alymlaryň bäsleşigini yglan edip, ýurdumyzyň ylma höwesek ýaşlarynyň ünsüni özüne çekýär. Täze zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň bu ýylky sanawynda Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň okuwçysy Mylaýym Şyhyýewanyň, Aşgabat şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Omarhan Babageldiýewiň, Magtymguly etrabynyň D.Ökdirow adyndaky 18-nji orta mekdebiniň okuwçysy Annamuhammet Meredowyň, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Arazowyň, şeýle-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewanyň atlarynyň bolmagy buýsandyryjy wakadyr.

«Güneş».