Gözelligiň kenary

9 Awgust 2022
2590

Hazar deňziniň ortaça çuňlugy 185 metre barabar bolup, iň çuň ýeri 1025 metrdir. Gomlarynyň beýikligi 11 metre çenli baryp ýetýär. Deňziň duzlulygy bolsa 12,8 göterime deňdir.

Taryhy ylmy ýazgylara ser salsak, Hazar deňziniň häzirki döwre çenli 100-den gowrak adynyň bolandygy bellenip geçilýär. Akademik, arheolog Hemra Ýusubow XVII asyryň ortalaryndan öň, Uzboýuň iki akym boýunça Hazar deňzine suwuny guýandygyny nygtapdy. Birinji akym Barsagelmez ugry boýunça Ajaýyp diýip at alan ugur, ikinji akym bolsa, Ak tam diýip at alan, Mollagaradan 47 kilometr uzaklykda bolan Uzynada ýaýlasynyň kenarýakalarydyr. Bu ugurlar boýunça gelen suwlaryň öz akymyny kesmegi, deňiz kenarýakalarynda çägelikleriň, ot-çöp galyndylarynyň köpelmegine getiripdir. Şeýle hem kenarýakalaryndaky ýalpak ýerlerde suwotularyň ösüp kemala gelmegine giň ýol açylypdyr.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.