Hazar — dostlugyň we abadançylygyň deňzi

2 Awgust 2022
1623

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, Hazarýaka ýurtlaryň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär.

Şu ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda geçirilen VI Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky taryhy gözbaşlara, gadymy hem-de mizemez köklere daýanýan, parahatçylyga we dostluga esaslanýan halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekde taryhy waka boldy. Hazar sammitiniň Beýanatynda Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak, onuň biologik serişdelerini gorap saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak, olary gorap saklamak babatda ylmy-barlaglaryň geçirilmegine ýardam bermek meseleleriniň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Alma DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.