Tebigat täsinlikleri hakynda

1 Aprel 2021
1620

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Tebigat» bölüminiň ylmy işgäri, geolog we paleontolog Aman Nigarow bilen şol bölümiň müdiri Enejan Altyýewanyň bilelikde taýýarlan «Türkmenistanyň akçagyl döwrüniň jandarlarynyň aýak yzlary» atly täze kitaby okyjylara gowuşdy.

Adyndan belli bolşy ýaly, kitapda ýurdumyzyň çäginde akçagyl döwründe ýaşan düýeleriň, goşatoýnaklylaryň, ýyrtyjy haýwanlaryň we guşlaryň tebigy ýadygärliklere siňen aýak yzlary hem-de olaryň tapylan ýerleriniň tebigy şertleri barada ylmy maglumatlar we fotosuratlar esasynda gürrüň berilýär. Awtorlaryň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan täze kitap okyjylar köpçüligini Türkmenistanyň gadymy döwürleriň ýaňyny özüne siňdiren tebigat täsinlikleri bilen tanyşdyrýar.

Ýörite habarçymyz.