Suw — ýaşaýşyň çeşmesi

31 Mart 2021
1243

Eziz Watanymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň Arşa galýan eýýamynda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär. Il-ýurt bähbitli tutumly işler döwlet Baştutanymyzyň Watana hem ene topraga söýgüsiniň beýikdigini äşgär edýär. Ýurdumyzyň bedew batly şeýle belent ösüşleri, özgerişleri her birimiziň kalbymyzy joşa getirýär.

Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýeti häzirki wagtda ösüşiň täze tapgyryna, ýagny innowasiýalara, nanotehnologiýalara, sanly ykdysadyýete esaslanýan döwre aýak basdy. Şonuň üçin hem, ykdysadyýetiň islendik pudagynda bäsleşikli ösüşde öňdäki hatarlary eýelemek üçin tutuşlygyna döwrebap tehnologiýalara esaslanýan ösüş ýoluny saýlap almaly. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösdürmek we Türkmenistanyň senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrülmegini ýola goýmak köp derejede ýaşlaryň hünär ussatlygyna, bilim taýdan kämilligine baglydyr. Bu bolsa biz — mugallymlaryň öňünde bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we täze garaýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeleri kesgitleýär.

Şamuhammet ŞAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.