Bahar säher bilen başlady işe

26 Mart 2021
2551

Ak süýt guýdy erikleriň üstüne.
Baldaklary gök reňke boýady,
Gülälekler al öwüsdi dessine.

Şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgy setirleri ülkämize toý bolup gelýän ýazlarymyzyň mynasyp waspyny ýetirýär. Depe-gollara reňkdar-reňkdar köýnegini paýlaýan, bulak bolup gaýadan şaglap inýän, gara daşy ukusyndan oýadýan bahar tebigatyň iň gözel paslydyr. Baglaryň şahalaryna penje-penje ak gülleri gondurýan, ýaýlalaryň gursagyna gül ýagdyryp, älemgoşar öýmesini göge bulaýan ýazlaryň tarypyny köp ýazyjylar, ençeme şahyrlar ajaýyp eserleri bilen ýetirdiler. Çünki bahar pasly döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesidir. Geliň, indi bolsa ýaz paslynyň aýratynlyklary baradaky käbir täsin maglumatlara ünsümizi çekeliň!

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.