Tokaýlaryň ykdysady ähmiýeti

19 Mart 2021
1288

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýazky ählihalk bag ekmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Geçen sanlyja ýyllarda köpugurly tokaýlaşdyrmak işleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, oba hojalyk ekin meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamynyň döredilmegi suwarymly ýerleriň, öri meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýynyň gowulanmagyna, topragyň gurplanmagyna, ekinleriň hasyllylygynyň we ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna hem-de toprak bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tokaýlaryň meýdanynyň artmagy agaç, miwe, ir-iýmiş, bal, dermanlyk çig malyny ýygnamagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Şeýle hem, gurulýan, durky täzelenýän demir we awtomobil ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Belli bolşy ýaly, tokaýlar gözellik, dynç alyş we beýleki durmuş wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Tokaýlaşdyrylan ýerlerde ilatyň arassaçylyk ýagdaýy, ýaşaýyş we iş şertleri düýpli gowulanýar, adamlaryň saglygyny berkitmäge, ruhuny galkyndyrmaga, şeýle hem dem alyş, gan aýlanyş we iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellemeginiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Tokaýlaryň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, tebigy-ekologiki ýagdaýyň gowulanmagynda, oba hojalyk önümçiliginde durnuklylygy üpjün etmekde, çölleşme hadysalarynyň öňüni almakda, şeýle hem ekoulgamlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynda ähmiýeti örän uludyr. Tokaýlar öz-özüni sazlaýan ekologiki ulgam hasaplanylýar. Howanyň hapalanmagy adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Ekinleriň hasyllylygyny peseldip, alynýan önümleriň hiliniň ýaramazlaşmagyna täsir edýär. Ýylyň dowamynda bir gektar ýere 5 tonna çenli tozanyň we tüsse-gurumyň çökýändigi geçirilen ylmy barlaglarda hasaba alnandyr. Bir gektar tokaý her ýylda takmynan 50 tonna golaý tozany saklap bilýär.

Handurdy HANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy, Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.