Bagym bar — bossanym bar

17 Mart 2021
1357

Zähmetsöýer pederlerimizden miras galan iň oňat däpleriň biri-de, ýere yhlas bilen ideg edip, bag ýetişdirmekdir. Durmuşyň ähli ugurlarynda kämil tejribe toplan ata-babalarymyz nahal ekmekde, bag hem-de ir-iýmiş ýetişdirmekde, obalary bagy-bossanlyga öwürmekde hem nusgalyk işleri amala aşyrypdyrlar. Bu asylly häsiýet arkama-arka, nesilme-nesil geçip, biziň döwrümize çenli öz kämilligini gorap gelipdir. Elbetde, bu döwletli we sogaply işleri nesilleriň aňyna guýmakda, wagyz etmekde atalar sözleridir nakyllar örän ähmiýetlidir. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsinden syzylyp çykan atalar sözleridir pentleri ýaş nesilleriň tebigata we bagy-bossanlyga bolan söýgülerini artdyrmakda hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Pederlerimiz nahal hakda «Dünýä görki täze nahal», bag ýetişdirmek barada «Zähmet çekseň bag bolar, çekmeseň dag», «Bagym bar — bossanym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», salkyn saýa edinmek dogrusynda «Agaç ekmedik saýada ýatmaz», «Saýasy serginli, ojagy alawly», küren obalary bagy-bossana öwürmek babatda «Agaçsyz obany tozan gömer», «Bir agaç ýetmiş ýyllyk ýoldan görner», «Agaç iýmişinden belli, adam kylmyşyndan», «Agaç gatysy soky bolar» ýaly onlarça parasatly pähimleri döredipdirler. Asly daýhan halkymyzyň «Miweli agajy palta çapmaz», «Miweli agajy bakarlar, miwesiz agajy ýakarlar», «Miwesiz agaç — odun, ýagmyrsyz bulut — tütün» diýip, örän jaýdar belleýşi ýaly, ýurdumyzyň tebigy şertlerinde ynsan bedenine güýç-kuwwat berýän, peýdaly witaminlere baý, miwesi datly baglary ýetişdirmek häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilip, ata-babalarymyzyň pentleri iş ýüzünde uly rowaçlyklara eýe bolýar.

Altyn HANGELDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.