Ülkäme toý bolup, gelen ýazlarym

15 Mart 2021
1081

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni uly dabaralara, bitirilýän beýik işlere beslenýär. Şunda milli mirasymyzyň goralyp saklanmagy, täze röwüşde gaýtadan dikeldilmegi we ýaş nesillerimiziň milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Taryhda ata-babalarymyzyň döreden, şu günlere çenli ähmiýetini ýitirmän gelýän birnäçe şanly senelerimiz, baýramçylyklarymyz täze mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Aknur GALPAKOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň kiçi ylmy işgäri.