Bahar paslynyň aýratynlyklary

8 Mart 2021
3493

Bahar pasly ýetip geldi. Bu pasyl Demirgazyk ýarym şarynda ýylyň mart-aprel aýlaryny öz içine alýar. Baharyň gelmegi bilen agaçlar gülleýär, howa maýlaýar, öri meýdanlarda owlak-guzular peýda bolýar. Dag depelerindäki garlar eräp, çeşme-çaýlar dolup akýar. Pasyllar Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy bilen emele gelýär. Ýazyň gelmegi bilen topraga ýyly girip başlaýar. Otlaryň gögermegi, baglaryň güllemegi bilen tebigat has gözel görke eýe bolýar.

Ýazda gyşdaky ýaly sowuk, tomusdaky ýaly jöwzaly yssy bolmaýar. Ýazyň howasy adamlar üçin iň kadaly howa şerti hasaplanýar. Gijäniň gysgalyp, gündiziň uzamagynyň adama ruhy lezzet berýändigi bellenilýär. Geçirilen barlaglara görä, Günüň giç ýaşmagy, günüň uzyn bolmagy gaýgy-aladany azaldýar. Haýwanlaryň köpelýän wagty meýdanda tebigatyň janlanyp, otlaryň gögerip başlaýan wagtyna gabat gelýär. Eýjejik jandarlary synlamak adamda ýagşy duýgulary oýarýar. Sebäbi mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlaglarda kiçijek jandarlara tomaşa etmegiň ünsüňi jemlemäge oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy. Tebigaty ýakyndan synlasaňyz, okuw derslerinde üstünlik gazanmagyňyza ýardam eder. Howanyň kadaly bolmagy açyk howada has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berýär. Geçirilen barlaglarda güneşli bahar howasynda gezelenç etmegiň adamy rahatlandyrýandygy, ruhuňy göterýändigi we ýatkeşligiňe oňyn täsir edýändigi anyklandy. Şeýle hem güneşli howanyň döredijilikli pikirlenmäge goşant goşýandygy öwrenildi.

Sarygül BATYROWA,
Serdar şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.