Suw üpjünçiliginiň hukuk esaslary

8 Mart 2021
1030

Bagtyýar zamanada abadan durmuşda ýaşaýan, döredýän we gurýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tebigy baýlyklarymyzdan aýawly peýdalanyp, türkmen halkynyň ýaşaýşyny has gowulandyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak boýunça giň möçberli işleri durmuşa geçirýär. Döwletimiz adamzadyň ekologiýa babatda ýurt, sebit we dünýä möçberli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýar. Milli Liderimiziň ekologiýa syýasatynyň maksady tebigy gurşawyň goralmagyny, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologiýa hem-de ykdysady bähbitlerini dogry we sazlaşykly utgaşdyrmagy üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanda kabul edilýän milli maksatnamalarda ykdysady, söwda, durmuş we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň biri-birleri bilen aýrylmaz baglanyşygy göz öňünde tutulyp, bu möhüm meseleler döwletimiziň üns merkezinde durýar.

Uzukjemal PAŞŞYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.