Asylly däpleriň aýdyň dowamaty

3 Mart 2021
1129

Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu giň göwrümli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine halkymyzyň saglygyny goramak, bagtyýar durmuşyny hem-de medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän möhüm şert hökmünde aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň, welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi. Munuň özi daşky gurşawy goramak boýunça giň möçberli işleri has-da işjeňleşdirmäge badalga berilýändigini aýdyň görkezýär.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.