Ynsan mertebesiniň aýdymçysy

3 Mart 2021
1800

«Ýazyň we güýzüň şahyry» diýlip atlandyrylýan Gurbannazar Ezizow geçen asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen söz sungatynyň ussatlarynyň iň görnükli wekilleriniň biridir.  Beýik Taňry tarapyn berlen örän gysga ömründe halkyna, özüne muşdak okyjylaryna hiç haçan könelmejek, möhleti-möwriti geçmejek şygyrlardan gymmatly serpaý ýapan şahyryň terjimehaly gysga. Emma onuň edebi döredijilik ýoly, dünýäsi welin, ýyllar geçdigiçe many-mazmun taýdan çuňlaşyp, akyl-paýhas akabasy barha giňelip, rowaçlanyp gidip otyr. Gurbannazara onuň eserlerine muşdaklaryň köpüsiniň ýazyň şahyry diýmegi, onuň baharyň ilkinji gününde doglanlygy bilen hem baglydyr.

Ol edebiýat meýdanyna ilkinji ädimler bilen giren ýyllaryndan başlap, öz döwürdeşlerinden tapawutlanyp başlaýar. Şol tapawutlar onuň pikir täzeligine, setirleriň sazlaşygyndaky özboluşlylyga, many agraslygyna nazar aýlanymyzda has hem aýdyň görünýär. Öz döwründäki we şondan soňky edebiýatçy alymlar, tankytçylar, galamdaşlary, halypa ýazyjy-şahyrlar, okyjylar Gurbannazaryň döredijiligi, ondaky täzelikler, pikir özboluşlylygy barada, onuň milli aýratynlyklary hakynda köp makalalar ýazdylar, özleriniň esasly garaýyşlaryny aýtdylar. Şolaryň biri hökmünde şahyryň halypa galamdaşy Kerim Gurbannepesowyň şu sözleri onuň belentligine berlen köp sanly mynasyp bahalaryň biridir:

Bally SEÝITBERDIÝEW,
Türkmenistanyň ussat mugallymy.