Iň ýakyn dostum hakynda...

3 Mart 2021
830

Her bir kitap akylly dostdur, şonuň üçin kitaby dost tutun.
Gowy kitaby ilkinji gezek okanyňda täze dost tutunan ýaly bolsaň, ony gaýtalap okanyňda köne dostuňy ýitirip tapan ýaly bolarsyň.
Kitap durmuşyňy ýeňilleşdirer, çylşyrymly duýgularyň, meseleleriň çözgüdini tapar, özüňe we daş-töweregiňdäkilere hormat goýmagy öwreder.
Kitap gowulygy halas etmegi, erbetligi düzetmegi öwredýän halypadyr.
Kitap awtor tarapyndan adamzat nesline goýlan iň uly sowgatdyr.
Okalýan kitaplar hemişe gök öwsüp oturan baga meňzär.
Awtor kitaby ýazsa, okyjy onuň ykbalyny kesgitleýär.
Kitap bizi iň gowy jemgyýete äkidýär we ähli döwürleriň akyldarlary bilen tanyşdyrýar.
Kitap — baky ýaşamak ukybyna eýedir.
Kitapsyz öý ruhsuz beden ýalydyr.

Toplan Mekan GYLYJOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.