Bahar geldi

2 Mart 2021
1358

Çagalykda bu sözi kän eşidipdim. Enem ir alabaharda, entek gyşyň sowugy sowlup-sowulmanka öýümiziň ileri başyndaky üýşmek çägäniň üstüne çykyp, «Baharyň ysy gelýär» diýerdi. Onuň ellerinden berk ýapyşyp durşuma gözlerimi elek-çelek edip: «Ene, bu näme diýdigiň bolýar. Men-ä hiç hili ys duýamok» diýerdim. Şonda enem biraz gatyrganardy-da, öýkenimi dolduryp dem almagy maslahat bererdi. «Ýene şahyr bolasym gelýär» diýýäň. Şu ysy duýmaýan bolsaň näbileýin-dä!..» diýip, sözlerini ýarym çyna, ýarym degişmä salyp gürlärdi.

Enem gyşyň tamamlanyp barýan şeýle günlerinde Zeminiň deminden baharyň ysynyň gelip başlaýandygyny örän düşnükli dilde aýdyp bererdi. «Saňa ol ysy ýaňy dömüp başlan maýsalar, dürli ot-çöpler, adaja öwüsýän ýeller, mahlasy, ähli zat aýdyp berer. Esasy zat, oňa düşünjek bolmalydyr» diýip, gulpajyklarymy sypardy. Soňam: «Baharyň ysyny alyp bolan bolsaň, ýör öýe gaýdaly» diýip, göýäki bu ys oňa ruhy güýç beren ýaly, göwnühoş halda ädimlerini gataltmak bilen bolardy. Men bolsa ýaýladaky bu söhbetdeşligi uzaldyp, eneme sowal üstüne sowal bererdim. Çomujyň has ýiti ysyny ýatladyp, «Ene, onam baharyň ysy hasap etmelimi?» diýerdim. Şonda enem: «Elbetde, ol hem baharyň nygmatydyr. Çomujyň ysynyň ýitiräkdigine garamaň!» diýip, onuň peýdaly taraplaryndan söz açardy. Men bolsa çaga bolsam hem, «Baharyň ysy diýilýän ysa kän ys degişli öýdýän» diýip, oňa özümçe düşündiriş bererdim...

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
şahyr.