Bahar ýüreklere ylham paýlaýar

2 Mart 2021
1803

Her paslyň öz gözelligi bar. Bahar paslynyň gözelligi has üýtgeşik, täsirli, özüne çekiji. Megerem şonuň üçindir, bu paslyň gözelliginiň waspy-da has belent ýaňlanýar. Owadan sähralara elwan gülleri peşgeş berip, biziň ajaýyp ilimize gelen bahar pasly kalbyňy heýjana getirýär. Şeýda bilbiller türkmen tebigatynyň gözelliginiň waspyny edip saýraýarlar. Giň ýaýlalarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen owadan reýhan güller açylýar. Pasyllaryň soltany bahar türkmen topragyny ajaýyp görke getirýär, akylyňy haýran edýär.

Türkmen topragyna joşgun bilen gelen bahar, gyşda dynjyny alan topragy janlandyrýar, guşlaryň owazy daş-töwerege ajaýyp sungat eseri bolup ýaň salýar. Baglar pyntyklap, güle beslenýär, güberilip çykan ak kömelekler enaýyja bolup görünýär. Bagt mekanynda ýaşaýan halkymyz 8-nji martda Halkara zenanlar gününi toýlar. Çagalar bagymyzda hem terbiýeçi gelin-gyzlar körpelere terbiýe berýärler. Olar çaga terbiýesine jogapkärli çemeleşip, toparlaryndaky çagalary mähir bilen terbiýeleýärler. Çagalar bagymyzyň işgärleri körpelere terbiýe bermekde, olary mekdebe taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Çagalar bagymyzda ussat terbiýeçiler köp. Şolardan Nazira Rozykulyýewany, Şaira Hudaýewany, Dinara Jumaýewany, Zuhra Hamraýewany we Leýla Hydyrowany atlandyrmak bolar. Bu zenanlar bilim işgärleriniň arasynda guralýan çärelere, bäsleşiklere gatnaşyp, özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.

Gülzada KAZAKOWA,
Farap etrabyndaky “Güneş” atly 4-nji çagalar bagynyň müdiri.