Üç ýyllyk depe (Koreý halk ertekisi)

26 Fewral 2021
1099

Gadym za­man­lar­da «Üç ýyl­lyk de­pe» di­ýen bir ýer bo­lup­dyr. On­dan ýy­kyl­saň üç ýyl­dan köp ýa­şap bol­ma­ýan­ly­gy­na yna­nan oba ila­ty oňa hut şu ady da­kyp­dyr. Şo­nuň üçin hem adam­lar bu de­pe­den geç­jek bo­lan­la­ryn­da ýy­kyl­maz­lyk üçin, aşa hüş­gär­lik gör­ke­zip­dir­ler.

Gün­ler­de bir gün bir go­ja ba­zar­dan öýü­ne do­la­nyp gel­ýär­kä, häl­ki gum de­pe­si­ni aşyp geç­me­li bo­lup­dyr. Ha­lyn­dan äti­ýaç edip, ha­ýal ädim urup bar­şy­na se­re­sap­ly ýö­re­mä­ge çal­şyp­dyr. Em­ma ýo­luň or­ta­ra­sy­na ýe­te­nin­de, gar­şy­syn­dan gel­ýän bir ki­şä ýol ber­jek bo­lup, gy­ra çe­ki­lip­dir. Şol ba­dada da­şa büd­räp, de­pe­den gaý­dyp­dyr.

Koreý dilinden terjime eden Bibimerýem ÖWLÝAKULOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby