Baýrak (Hekaýa)

26 Fewral 2021
815

Sema MARŞALY,
türk ýazyjysy

Bir hepdeden bäri sowuklamam aýrylyberenokdy. Düýn özümi hasam ysgynsyz duýanym üçin, ejem ir bilen meni uýamyň ýanyna goşup, hassahana ugratdy. Ol ýere baranymyzda sagat dokuz bolan eken. Biz haýal etmän näsag kabul ediş kagyzyny aldyk-da, hassahananyň ýokarky gatyna çykdyk. Lukmanyň kabul edýän otagyny tapyp, şepagat uýasynyň depderçesine hasaba aldyrdyk. Gapyda azyndan ýigrimi bäş adam dagy lukmana garaşýardy. Şonda uýam: «Gijä galypdyrys. Bizden öň gelenler kän, iki sagatsyz nobatymyz ýeter öýdemok» diýdi. Boş oturgyçlaryň birinde oturyp garaşmaga başladyk. Lukman syrkawlary kabul etmäge sagat 10:00-da başlaýar eken, oňa çenli entek kyrk minut dagy bardy. Ýarym sagat garaşandyrys. Uýam bir ýerde durman, nägilelik bilen içini çekýärdi. Birdenem onuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy:

Türk di­lin­den ter­ji­me eden Ta­wus KA­KA­ÝE­WA