Janly žurnal

26 Fewral 2021
906

Ine, gadyrdan dostum, žurnalyň 61-nji sany hem okyjylara gowuşdy. Çap edilip başlanmagyna 10 ýyl doldy. Olaryň, iň bolmanda, 55-sine özümiňem dürli derejede dahylymyň, goşandymyň bardygyna begenýän.

Meniň käte: «Edebiýata gadam basan badyma, gönümel «Dünýä edebiýatyna» girdim» diýip, oýun edip, öwünäýmäm bar. Redaksiýa işe gelenimde, okyjylara täze döredilen bu neşiriň ýaňy bir ilkinji sany ýetirilipdi. Onuň eýýäm 2-nji sanynda meniňem ýygra, emelsizje galamymyň yzy peýda boldy.

Maksat BÄŞIMOW
«Dünýä edebiýaty»